Miwe Risalesi | Miwe Risalesi | 4
(1-100)
Ikinji meseläniň mazmuny.
Risale-i Nurdan Yaşlyk Ýol Görkezijisiniň ýagşy beýan edişi ýaly: ölüm şeýle bir takyk we göze dürtülip durandyr welin, bu günüň gijesi we bu güýzüň gyşynyň geljegi ýaly ölüm başymyza geljekdir. Bu tussaghana dowamly çykanlar we girenler üçin nähili wagtlaýyn bir myhmanhana bolsa, şonuň ýaly hem bu ýer ýüzi-de howlukmaç hereket eden kerwenleriň ýollarynda bir gijelik gonup-göçmek üçin duralgadyr (kerwensaraýdyr). Her bir şäheri ýüz gezek mazarlyga boşaldan ölüm, elbetde, ýaşaýyşdan zyýada bir islegi bar. Ine, bu gorkunç hakykatyň syryny Risale-i Nur çözüp ýüze çykarypdyr. Bir gysgajyk mazmuny şudur: ölüm öldürilmeýänligine we gabyr gapysy ýapylmaýanlygyna görä, elbetde, bu ajal jelladynyň elinden we gabyr ýekelik zyndanyndan halas bolmagyň çäresi bar bolsa, ynsanyň iň uly we her zadyň üstünde bir aladasy, meselesidir. Hawa, çäresi bar we Risale-i Nur Kuranyň syry bilen ol çäräni iki ikiň dört bolşy ýaly derejede kesgin subut edendir. Gysgaça mazmuny şeýledir: ölüm, ýa ebedilik ölüm jezasydyr, hem ol ynsany, hem bütün dostlaryny we ýakynlaryny asjak bir daragajydyr; ýa-da başga bir baky äleme gitmek we iman şahadatnamasy bilen bagt köşgüne girmek üçin bir rugsat resminamasydyr we gabyr bolsa, ýa garaňky bir ýekelik zyndany we düýpsiz bir guýydyr, ýa-da bu dünýä zyndanyndan baky we nurana bir meylishana we bagystana açylan bir gapydyr. Bu hakykaty "Yaşlyk Yol Görkezijisi’’ bir mysal bilen subut edendir. Mysal üçin: Bu tussaghananyň howlusynda asmak üçin daragaçlary dikilipdir we olaryň daýanýan diwarynyň arka tarapynda örän uly we bütin dünýäniň gatnaşýan bir lotoreýa edarasy gurlupdyr. Biz, bu tussaghanadaky bäş ýüz kişi her hili ýagdaýda-da kadadan çykmasyz we halas bolmak mümkin däl, bizi bir-birden ol meýdana çagyrjaklar. Ýa ’’Gel, ölüm jeza yglannamaňy al, daragajyna çyk’’ ýa-da ’’Hemişelik ýekelik zyndan buýrugyñy tut, şu açyk gapa gir’’ ýa-da ’’Buşluk! Millionlarça altyn utuş bileti saňa çykypdyr, gel al’’ diýip, her ýandan yglan edilýär. Biz hem bir-biriniň yzyndan ol daragaçlaryna çykylýandyklaryny gözümiz bilen görüp durus. Bir böleginiň asylýandyklaryny synlaýarys. Bir bölegi-de, daragaçlaryny basgançak edip ol diwaryň arkasyndaky lotoreýa edarasyna girýändiklerini ol ýerde uly we çynlakaý işgärleriň takyk habarlary bilen göryän ýaly bildigimiz bir wagtda, bu tussaghanamyza iki topar girdi. Bir topar ellerinde saz-şeraplar, daş görnüşi örän datly halwalar, kökeler bar. Bize iýdirmäge çalyşdylar. Emma ol süýjiler zäherlidir. Ynsan sypatly şeýtanlar içine zäher gatypdyrlar. Ikinji jemagat we topar ellerinde terbiýenamalar we halal naharlar we mübärek şerbetler bar. Bize sowgatlar beryärler we birleşip bilelikde örän çynlakaý we takyk aýdýarlar: ”Eger ol birinji toparyñ sizi synamak üçin berilen sowgatlaryny alsaňyz, iýseñiz, bu gözümiziñ öñündäki daragaçlarda beýleki gördükleriňiz kimin asylarsyñyz.
sesi yok
Türkçe
English
العربية
Pyccĸий
français
Deutsch
Español
italiano
中文
日本語
Қазақ
Кыргыз
o'zbek
azərbaycan
فارسى