ÝIGRIMI BÄŞINJI LEMA
(Ýigrimi Bäş Melhemdir.)
Hassalara bir melhem, bir teselli, magnawy bir resept, hassanyñ halyndan habar almak hem-de «emgek bolup geçsin» manysynda ýazylandyr.
Duýduryş we Ötünç.
Bu magnawy resept bütin ýazanlarymyzdan-da has tiz ýazyldy. Beýlekilerden tapawutly tarapy-da, düzetmäge we dykgat etmäge wagt bolmady. Örän çalt ýazylyşy ýaly-da, diñe bir gezek gözden geçirildi. Şeýlelikde, başda ýazylyşy ýaly garma-garyşyklygyna-da galdy. Kalba özboluşly görnüşde gelen ylhamy bozmazlyk üçin, çeperleşdirip düzedişler girizilmedi. Täzeden barlamagy zerur görmedik. Okyjylar, esasanam, hassalar käbir nähoş jümlelerden ýa-da agyr sözlerden we düşünjelerden darygyp, kine etmesinler, maña-da doga-dileg etsinler.
Adamzadyñ ondan bir bölegini musybata uçranlar we hassalar tutýar. Şu lemada olara hakyky teselli, şypaly bir derman bolup biljek «Ýigrimi bäş melhem» barada gysgaça beýan edýäris.
BIRINJI MELHEM.
Eý, biçäre hassa! Gam çekme, sabyr et.
Seniñ hassalygyñ saña dert däl. Has dogrusy, özboluşly bir dermandyr. Çünki ömür bir sermaýadyr, gidýär. Miwe bermese, zaýa bolar. Şeýle-de rahatlykda we gaflatda ýaşalsa, örän tiz geçer. Hassalyk seniñ ol ömür sermaýañy uly girdejiler bilen miwelendirýär, ömrüñ tiz geçmesine ýol bermeýär, saklaýar, ömrüñi uzaldýar. Miwelerini bereninden soñra bolsa, seni taşlap gidýär.
Ynha, ömrüñ hassalyk sebäpli uzaýandygyna şaýatlyk edýän, dillerde dessan bolan meşhur atalar sözünde «Musybatly zamanlar uzyn, sapaly zamanlar bolsa örän gysga bolýar» diýilyär.